Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ileri tutulýan ugurlary kesgitledi
12.07.2025 | 03:47 |Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiň ahyrynda ýakyn geljek üçin işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän köp sanly möhüm halkara we milli derejedäki çäreleriň taýýarlyk işleriniň meselelerine aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutany “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şygar bilen geçýän şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm syýasy we simwoliki ähmiýete eýedigini aýtdy.
Ýylyň esasy wakasy – 12-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forum bolup, özara düşünişmegi we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin edilýän tagallalaryň iň esasy pursatyna öwrüler.
Döwlet Baştutany bu foruma, şeýle hem ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän milli ähmiýetli seneleri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi we Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede bellemek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Bu işde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem aýratyn orun berilýär. Bu mejlis berkarar döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemlemek şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy. Bu guramaçylyk topary çäreleriň ýokary derejede taýýarlygyny üpjün etmek boýunça şol sanda mynasyp raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirer.
Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurduň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara hyzmatdaşlyk boýunça meselelere aýratyn üns berdi. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçiriler we ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine gatnaşarlar.
Mundan başga-da, 13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçiriler.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bu halkara forumy ýokary derejede geçirmek diňe bir Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurt boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Şol bir wagtyň döwlet Baştutany 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurduň şypahanalarynda hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň strategiki ugrunyň üýtgewsizligini ýene bir gezek tassyklady:
“Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” – diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de öňde boljak wakalaryň ýurduň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrjakdygyny we onuň durnukly ösüşine goşmaça itergi berjekdigini nygtady.
ORIENT