Iň täze habarlar

Türkmenistanda geçiriljek işewürlik-missiýasyna týumen telekeçileri çagyrylýar

21.02.2025 | 10:45 |
 Türkmenistanda geçiriljek işewürlik-missiýasyna týumen telekeçileri çagyrylýar

Týumensk oblastynyñ Söwda-senagat edarasy sebitiñ telekeçilerini Aşgabatda 15-19-njy mart aralygynda geçiriljek "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" (IFT 2025) atly Halkara forumyna çagyrýar.

Bu barada Maýa goýum syýasaty we telekeçilige döwlet goldawyny bermek boýunça departamentine salgylanyp týumen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Forum Týumensk oblastynyñ telekeçilerine Türkmenistanyñ möhüm döwlet we hususy bölekleriniñ wekilleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçiligini berer.

Gatnaşmak bilen baglanyşykly soraglar boýunça Týumen oblastynyñ telekeçileri +7 (922) 076-83-37 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilerler.

Ozal habar berşimiz ýaly, çärede öñdebaryjy daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryñ, halkara guramalaryñ, döwlet edaralarynyñ wekilleri, top-menejerler we pudaklaýyn bilermenler ýygnanarlar. Maksatnama tematiki sessiýalar, bölümçe maslahatlaşmalary, tegelek stollar, işewür gepleşikler, şeýle hem ekskursiýa we döwletiñ milli tagamlary bilen tanyşmagy girizildi.

Şu günki gün 21 ýurduñ 100-den gowrak wekili IFT 2025 forumyna gatnaşmaklaryny tassykladylar. Gatnaşmagyñ şertleri baradaky giñişleýin maglumatlary çäräniñ ift.com.tm web-saýtynda tapyp bilersiñiz.

Meñzeş habarlar:

IFT 2025 Halkara forumy: işewürlik üçin möhüm maýa goýum mümkinçilikleri

Hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" IFT 2025 Haklkara forumynyñ hasaba alnyşy açyldy.

Foto: www.ift.com.tm

Şeýle hem okaň: