Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn alyndy

21.02.2025 | 09:19 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn alyndy

20-nji fewralda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň we BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 629 625 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: