Iň täze habarlar

“TurkmenExpo” işewürlik üçin halkara çäreleriň birnäçesiniň işini guraýar

24.02.2025 | 02:35 |
 “TurkmenExpo” işewürlik üçin halkara çäreleriň birnäçesiniň işini guraýar

“TurkmenExpo” kompaniýasy sergileri, maslahatlary, işewürlik missiýalary we beýleki işewürlik forumlaryny gurnamaklyga ýöriteleşip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylda giň göwrümli halkara çäreleri öz içine alýan ägirt uly maksatnamany hödürledi. 21-nji fewralda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen, öňde boljak sergileriň tanyşdyryş dabarasy, söwda attaşeleri, diplomatik wekilhanalaryň söwda wekillerini we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýan beýleki gatnaşyjylary bir ýere jemledi.

24022025-turkmenexpo (3).jpg

Duşuşygyň esasy maksady halkara derejesindäki sergiler we maslahatlar barada giňişleýin maglumat bermek, olaryň konsepsiýasyny açyp görkezmek, Türkmenistanyň geljegi uly bazaryna mümkin bolan oýunçylaryň ünsüni çekmek we daşary ýurtly işewür missiýalaryň emele gelmegine ýardam bermek bolup durýar. Guramaçylaryň möhüm wezipeleriniň biri hem döwlete edaralarynyň wekilleri, pudak kärhanalarynyň ýolbaşçylary we ýerli kompaniýalar bilen duşuşyklary gurnamak, şeýle hem zawodlara, fabriklere we önümçilik desgalaryna baryp görmek mümkinçiliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.

2025-nji ýylda kompaniýanyň Aşgabatda gurmagy meýilleşdirýän dört sany esasy halkara çäresi üns merkezinde boldy.

24022025-turkmenexpo (1).jpg

Bu çäreler, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň ählumumy derejede gatnaşyklary pugtalandyrmak we durnukly geljegi gurmak, dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmek ugrundaky tagallara ygrarlydygyny tassyklaýar.

“Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän hil kepilligi” (QACIS 2025) atly halkara maslahaty hödürlenen wakalaryň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Guramaçylar, halkara standartlaryna laýyklykda önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäräniň maksatlary barada jikme-jik gürrüň berdiler.

29-30-njy aprelde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen maslahat sertifikatlaşdyrmak pudagyndaky öňdebaryjy bilermenleri, işewürligiň, döwlet edaralarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär. “QACIS 2025” gatnaşyjylar halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy, hil dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagy ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Maslahatyň maksatnamasy diňe bir çekişmeleri däl, eýsem ýöriteleşdirilen sergileri hem-de okuw maslahatlaryny hem öz içine almak bilen many-mazmuna baý we köptaraply bolar.

24022025-turkmenexpo (11).jpg

Guramaçylaryň nygtaýşy ýaly, “QACIS 2025” halkara bazaryndaky türkmen önümlerine bolan ynamy artdyrmak hem-de hil pudagyndaky içerki we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda göni dialogy ýola goýmak üçin möhüm möhün neýdança bolar. Bu maslahat, türkmen önümleriniň eksportynyň ösmegine, kärhanalaryň we sarp edijileriň arasynda sertifikatlaşdyrmagyň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti barada habarlylygy ýokarlandyrar diýip garaşylýar.

“Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy (ITSE 2025) “TurkmenExpo”-nyň tanyşdyryş maksatnamasyny dowam etdirdi. Guramaçylar sergi-ýarmarkasy “dünýäniň dürli künjeginden gelen kompaniýalar üçin Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda öz gatnaşygyny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik” hökmünde görkezdiler.

Sergi 29-njy aprelden 1-nji maý aralygynda Aşgabatda geçiriler we azyk senagatyndan we oba hojalygyndan başlap, elektron söwda we döredijilik pudaklaryna çenli dürli pudaklara wekilçilik edýän telekeçileri, maýadarlary we hünärmenleri öz meýdançasynda kabul ediler. “ITSE 2025” sergisi ösen tehnologiýalary, geljegi uly taslamalary we eksportyň ösüşini höweslendirmek, logistika infrastrukturasyny ösdürmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen innowasion çözgütleri görkezmek üçin esasy meýdança hökmünde döredildi.

24022025-turkmenexpo (4).jpg

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, bu möhüm çärä dünýäniň işewür toparlarynyň gatnaşmagy üçin resmi taýdan çakylyk bilen çykyş edýär. Guramaçylar, “ITSE 2025”-iň “türkmen işewürliginiň eksportyny ösdürmek üçin täze ugurlary emele getirjekdigine” we bazaryň esasy oýunçylary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynanýarlar.

Döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri bilen maksatly duşuşyklary, şeýle hem işewürlik missiýalaryna we tematik okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin iş meýilnamasy gurnalar.

24022025-turkmenexpo (5).jpg

“Türkmentextile Expo-2025” atly halkara sergisi maksatnamada üçinji orny eýeledi. Ýagny ol bu ýyl dokma senagatynyň köp tematiki ugurlaryny öz içine alyp täze görnüşde hödürlener. Senagat önümleriniň dürlüligini görkezýän jikme-jik sergi temasy hödürlendi şeýle hem türkmen dokma bazarynyň uly mümkinçiliklerini hem-de ýerli we halkara kompaniýalaryň arasynda täze işewür gatnaşyklar gurmak, girdejili geleşikleri baglaşmak üçin mümkinçilik döreder.

24022025-turkmenexpo (9).jpg

11-nji iýundan 13-nji iýun aralygynda Aşgabatda dokma senagaty hünärmenleriniň dialogy geçiriler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we “TurkmenExpo” baý milli dokmaçylyk mirasyny, iň täze tehnologiýalary we innowasiýa çözgütlerini, döredijilik ideýalaryny görkezer.

Maksatnamanyň aýratynlyklarynyň biri, öňdebaryjy türkmen we daşary ýurtly dizaýnerleriň moda kolleksiýalarynyň görkezilişi bolar. Moda görkezilişleri sergä gatnaşyjylary we myhmanlary ruhlandyryp, däp-dessurlaryň we häzirki zamanyň gazananlarynyň sazlaşygyny açyp görkezer.

24022025-turkmenexpo (7).jpg

Tanyşdyrylyşyň esasy bölegi “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarky bilen tamamlandy. Sergide hödürlenjek çagalar üçin önümleriniň görnüşine, şeýle hem işewür gatnaşyklaryň we bu geljegi uly ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine syn berildi.

“Kids Expo” 21-23-nji awgustda geçiriler we 2025-nji ýyldaky “TurkmenExpo”-nyň maksatnamasynyň iň esasy wakasy bolar. Guramaçylar, uly göwrümli sergi we dürli ýaşdaky myhmanlar üçin baý güýmenje maksatnamsyny hödürläp, Aşgabady çagalyk we maşgala dynç alyşynyň hakyky baýramçylygyna öwürmegi wada berdiler. Bu işler üçin bu möhüm we geljegi uly bazar mümkinçilikleriň ösmegine möhüm goşant goşmak üçin özboluşly meýdançadyr.

Tanyşdyrylyşyň her bölüminiň ahyrynda, “TurkmenExpo” taslamasynyň ýolbaşçylary diňleýjileriň soraglaryna jogap berdiler we goşmaça maglumat berdiler, guramaçylyk meselelerini we gatnaşmagyň geljegini aýdyňlaşdyrdylar.

24022025-turkmenexpo (6).jpg

Mümkin bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara hem bilelikde halkara çärelerini geçirmek teklip edildi. Mysal üçin, deslapky geňeşmeleriň esasynda “Türkmenistan+” görnüşindäki sergiler üçin daşary ýurtly wekilleriň birnäçesinden eýýäm oňyn seslenmeler gelip gowuşdy.

Daşary ýurt kompaniýalaryndan, şol sanda abraýly dünýä markalary tarapyndan artýan gyzyklanma, “TurkmenExpo”-nyň başlangyçlarynyň ýerliklidigini we öz wagtynda ýerine ýetirilýändigini görkezýär we kompaniýany halkara hyzmatdaşlary bilen iň ýokary netijeliligi üpjün etmek üçin maslahat beriş işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Guramaçylar bu we beýleki pikirleri ýokarda agzalan forumlaryň mümkin bolan gatnaşyjylaryna ýetirmek üçin synanyşdylar, bu çäreler daşky görnüşe däl-de, belli bir amaly netijä gönükdirilen hil taýdan täze görnüşleri görkezer.

24022025-turkmenexpo (8).jpg

Hasaba durmak we goşmaça maglumat üçin kompaniýanyň resmi web sahypasyna girmegiňizi haýyş edýäris: turkmenexpo.com. Web sahypasynda şeýle hem telefon belgileri we guramaçylaryň elektronpoçtalary elýeterlidir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: