Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosinine isleg bildirildi

22.02.2025 | 09:35 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosinine isleg bildirildi

21-nji fewralda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.

Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 719 750 ABŞ dollaryna barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: