Iň täze habarlar

Energiýa öndürýän penjireler aýna senagatynda öwrülişik wada berýär

22.02.2025 | 20:05 |
 Energiýa öndürýän penjireler aýna senagatynda öwrülişik wada berýär

Amerikanyň NEXT Energy Technologies, organiki fotoelektrik (OPV) tehnologiýalarynyň ilkinji kompaniýasy hökmünde, özboluşly NEXT OPV örtügi we önümçilik prosesi arkaly laminirlenen açyk energiýa öndürýän penjireleri öndürmek üçin synag önümçilik liniýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny tamamlady. Ölçegi 40” x 60” bolan bu bloklar, kompaniýanyň web sahypasynda berlen maglumata görä, dünýäde öndürilen iň uly açyk OPV penjireleri bolup durýar.

Bu synag önümçiligi, aýna senagatyna gün energiýasyny öndürýän jaylaryň öň tarapyna gözegçilik zolagynyň giň gerimde aýnalanmagyna mümkinçilik bermek ugrundaky möhüm ädimdir. NEXT OPV örtügi, täjirçilik aýna senagaty üçin ulanylyp bilinjek ölçeglenýän çözgüdiň üç esasy meselesini çözýär: estetika, öndürijilik we tehnologiki ussatlyk. Demirgazyk Amerikanyň täjirçilik jaylarynyň öň tarapynda iň giňden ulanylýan reňke laýyk gelýän bitarap çal örtük, energiýa öndürijiligi akymly önümçilik bilen birleşdirilip, aýna senagaty üçin özboluşly çözgüt döredýär.

OPV tehnologiýasy, Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetinde geçirilen we Nobel baýragy bilen sylaglanan ylmy gözleglere esaslanýar. Adaty fotoelektrik elementler bilen deňeşdirilende, OPV birnäçe artykmaçlyga eýe: ol açyklygyny saklap, islendik ýagtylyk burçunda işleýär, toksiki komponentleri öz içine almaýan, elýeterli we ekologiýa taýdan howpsuz materiallary ulanýar. Açyk OPV örtügi ýagtylyk geçirijiligini ýitirmän, infragyzyl şöhleleri siňdirip, olary elektrik energiýasyna öwürýär. Şeýle penjireleriň binalaryň energiýa sarp edilişiniň 25%-ine çenli öwezini dolmagyna, ýyladyş, şemalladyş we howa sazlaýjy ulgamlaryna düşýän agramy azaltmagyna garaşylýar. Täze nesil penjireler, täjirçilik binalarynyň öň tarapyna integrirlemek üçin niýetlenip, aýna gurluşlarynyň daşky görnüşine täsir etmezden energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär.

NEXT kompaniýasy, ABŞ we Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde görkezme gurnamalary taýýarlap, synag taslamadan giň gerimli önümçilige geçişe we toryň içine birikdirilýän taslamalar üçin UL howpsuzlyk we öndürijilik şahadatnama almak meselesine aýratyn üns berýär.

NEXT kompaniýasynyň patentlenen açyk organiki fotoelektrik örtügi, täjirrçilik jaylarynyň öň tarapynyň penjirelerini arassa energiýa öndürijä öwürip, binalary has durnukly we ygtybarly edýär hem-de energiýa toruna düşýän agramy peseldýär. NEXT çözgüdi, arhitektorlara we bina eýelerine adaty penjireleri we jaylaryň öň tarapy aýnaly binalar üçin arzan, ýerli we dikeldilýän energiýa öndürijilerine öwürmäge mümkinçilik berýän– durnukly geljek üçin amaly we ylham beriji çözgütdir.

ORIENT

Foto: nextenergytech.com

Şeýle hem okaň: