IFT 2025 Halkara forumy: işewürlik üçin möhüm maýa goýum mümkinçilikleri
07.02.2025 | 15:25 |Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) ýurduň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň ösüşinde möhüm orun tutýar, işewürligi alyp barmak üçin oňaýly şertleri döretmäge, telekeçileri goldamaga we maýa goýumlary çekmäge ýardam berýär. TSTB-niň “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyny geçirmek baradaky başlangyjy bu ugruň nobatdaky tassyklanmasy bolup dur. Çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda geçiriler.
Bu giň gerimli çäre maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirmäge gönükdirilendir. Forum derwaýys ykdysady tendensiýalary ara alyp maslahatlaşmak, maýa goýumlary çekmek we işewürlik aragatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança öwrüler.
IFT 2025 bu türkmen kompaniýalary üçin ileri tutulýan taslamalary hödürlemek, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmak we sebitde işewürligi ösdürmegiň strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Forumyň çäklerinde:
-
tanymal ykdysatçylaryň, işewürligiň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bölümçeleýin maslahatlaşmalar;
-
ulag, senagat, oba hojalygy we IT ýaly Türkmenistanyň möhüm pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleriniň görkezilişi. Onda türkmen kompaniýalary öz maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrarlar;
-
halkara işewürlik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän networking-sessiýalar geçiriler.
Forumyň guramaçylary türkmen kompaniýalaryny öz maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga çagyrýarlar. Bu öz başlangyçlary barada mälim etmäge, halkara maýadarlaryň ünsüni çekmäge hem-de işewürlik ideýalaryny durmuşa geçirmekde goldaw tapmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.
Ähli hödürlenilen taslamalar IFT 2025 resmi saýtynda ýerleşdiriler, şeýle hem formuyň çäklerinde tanyşdyrylar. Munuň özi kompaniýalara mümkin bolan hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen özara gatnaşygyň täze derejesine çykmaga mümkinçilik berer.
Maýa goýum taslamasyny saýtda ýerleşdirmek üçin ony 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyndan gijä galman tstb.halkara@gmail.com TSTB-niň elektron poçtasyna ugratmak ýa-da ylalaşmak üçin 21-24-06 telefon belgisi boýunça habarlaşmak zerur.
Gatnaşmak üçin ift.com.tm forumyň resmi saýtynda bellige durmaly.
ORIENT News