Arkadag şäherinde “4G+” ulgamy işläp başlady we “5G”-ni işe girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar
23.02.2025 | 20:30 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda, şenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de “4G+” ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berdi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de seýilgäh zolaklarynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we beýleki taslamalaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleriň şekil taslamalary hödürlendi.
Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem-de lukmançylyk klasterine degişli senagat kärhanalarynyň gurluşygynyň depgini barada hem hasabatlary diňledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow senagat desgalarynyň ýokary hilli we öz wagtynda gurulmagynyň möhümdigini nygtady. Ýerli materiallardan we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn belledi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalarynyň gurluşygyna we olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa täze ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen bagly işler, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk mynasybetli medeni çäreleri guramak boýunça şäherde görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Häkim, 21-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejliside Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadyny bermek hakynda resminama gol çekilendigi üçin täze şäheriň zenanlarynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi. Baýramçylga gabatlap köp çagaly maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar.
Mämmedowa ýerli ýaşaýjylar gelip gowşan haýyşlary nazara alyp, “Polatly” binasyndan “Taýçanak” halkalaýyn aýlawly ýola çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýsiň hormatyna Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak boýunça teklibi beýan etdi.
Täze şaýoluň açylmagyna taýýarlyk görmek barada görkezme berip, türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak boýunça teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriň Aragatnaşyk müdirligine geldi, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew müdirligiň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary görkezildi. Nygtalyşy ýaly demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp, tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylyp bina ediler. Ähli toplumlary dolandyrmak, şol sanda onuň işine gözegçilik etmek, iň täze tehnologiýalara esaslanyp doly awtomatlaşdyrylar.
Täze awtomobil menziliniň gurluşygynda daşky we içki bezegleri iň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk geler. Esasy binanyň bezeginde elbetde ýolagçylaryň rahatlygyna aýratyn üns berler.
Demir ýol we awtomobil menzilleri gün panelleri bilen enjamlaşdyrylar. Olar oturdylmagy Aziýanyň ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamlaryny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de olaryň özbaşdaklygyny we ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün eder. Taslama “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, iň täze tehnologiki ülňülere laýyk gelýän ýokary hilli we kuwwatly gün panellerini saýlamagyň möhümdigini belledi. Bu babatda ylmy gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmak – ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmekde esasy ýörelge bolup durýandygyny nygatady. Döwür bilen aýakdaş bolmak – häzirki wagtda bu ugurlardaky esasy wezipedir.
Mämmethan Çakyýew Halk Maslahatynyň Başlygyndan Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan “4G+” ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak patasy bilen şäherde resmi taýdan “4G+” internet tehnologiýasy işe girizildi.
Arkadag şäherinde has ösen “5G” tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Häzirki wagtda onuň işe girizilmegine doly derejede çykarylmagyna taýýarlyk görülýär. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi eýýäm bu ugurda degişli işleri geçirdi. “5G” tehnologiýasyny synag etmek üçin şäherde “Huawei” kompaniýasynyň binýatly aragatnaşyk bekedi oturdyldy.
“5G” – “akylly şäher” we “akylly öý” ulgamlaryny dolandyrmak üçin esasy tehnologiýadyr. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly senagat toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, oba hojalygy we beýleki ugurlaryň ösmegine güýçli itergi berer. Ýokary tizlikli “5G” internet Arkadag şäheriniň ähli sebitlerini gurşap alar we dürli ugurlardaky işleri has-da netijeli eder. “5G” tehnologiýasynyň aragatnaşyk ulgamynyň “TürkmenÄlem 52°E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder.
Hasabatyň ahyrynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wideo filmi görkezildi. Filmde “5G” tehnologiýasynyň işiniň ähli artykmaçlyklaryny: iň täze enjamlary, gözegçilik hem-de gorag ulgamlarynyň işi we ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän pudaklaryň mümkinçilikleri dolulygyna beýan edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli hünärmenleri döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de öňde goýulan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, Arkadag şäherinde elektron hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwrebap tehnologiýalara maýa goýumlary goýmak we hünärmenleri taýýarlamak Arkadag şäheriniň innowasiýa merkezi hökmünde durnukly ösüşi üçin esas bolup durýar. Ýurtda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň esasy hereketlendiriji güýjine öwrüljek bu tehnologiýalary netijeli dolandyrmagy we ösdürmegi başarýan ýokary ussatlyga eýe bolan hünärmenlerdir.
ORIENT