Astrahanyň tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
22.02.2025 | 01:00 |2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we türkmen diliniň güni mynasybetli konsert geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly gatnaşdy we Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň ähmiýeti we ene diliň wajyplygy barada çykyş etdi.
Uniwersitetiň talyplary gatnaşyjylara Türkmenistanyň baý medeni-mirasyny, däp-dessuryny aňladyjy türkmen milli aýdym-sazly çykyşlaryny görkezdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda türkmen medeniýetini beýan edýän sergi hem guraldy.
Çäräniň çäklerinde türkmen Konsuly uniwersitetiň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilim, medeni mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news