Ýaş türkmen inženerler “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar
24.02.2025 | 10:30 |2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara inženerçilik we robototehnika çempionatyna badalga berildi. Oňa iki sany türkmen topary hem gatnaşýar.
Bu abraýly ýaryş dürli ýurtlaryň ýaş inženerlerini, programma düzüjilerini we oýlap tapyjylaryny ýygnap, olara robototehnika, programma düzüjilik we tehniki konstruktorçylyk babatda öz bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle çäreler iň çylşyrymly tehnologiki ýumuşlary çözüp biljek ýokary taýýarlykly hünärmenleriň täze tapgyrynyň emele gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy we Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şol sanda Türkmenistanyň toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ajaýyp meýdança bolup çykyş edýär.
Ýaş türkmen zehinleri üçin aýrylyp berlen pawilýonda çäräniň ýolbaşçylary gatnaşyjylara çempionatda üstünlik arzuw edip, türkmen toparlarynyň ýokary taýýarlykly derejesini bellemek bilen, olaryň robototehnika babatda ynamly bilimlerini, inženerçilik ukyplaryny we konstruktorçylyk başarnyklary barada nygtadylar.
2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça bäsleşik geçirilip, oňa onlarça ýaş zehinli inženerleriň gatnaşandygyny bellemek gerek.
ORIENT News