Iň täze habarlar

Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda sişenbe güni garyň ýagmagyna garaşylýar

24.02.2025 | 13:20 |
 Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda sişenbe güni garyň ýagmagyna garaşylýar

Ertir, 25-nji fewralda howa hünärmenleri Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda garyň ýagmagyny çaklaýarlar. Hususan-da, garly howa Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda aralaşar, Daşoguzda we Balkanabatda bulutly ýagynsyz howa bolar.

Aşgabatda gar ir bilen ýagyp başlar we günortana çenli dowam eder. Howa gijesine -2, gündiz bolsa +1 gradusa çenli bolar. Çarşenbe güni güneşli howanyň boljagy bellenilýär.

Türkmenabatda irden ýagyş ýagyp, soňra gara öwrüler. Sagat 11:00 çenli gar ýagmagyny bes eder. Howa 0...-3 derejede bolar. Çarşenbe güni howanyň güneşli bolmagyna garaşylýar.

Maryda duşenbeden sişenbe güne geçilýän gije gar gatyşykly ýagyş ýagyp, irdene çenli dowam eder. Gündiziň dowamynda bulutly howa bolar. Gije howa 0 gradusa çenli peseler, gündizine bolsa +3 gradus bolar.

Daşoguzda we Balkanabatda ýagynlaryň ýagmagy çaklanylmaýar, emma howa bulutly bolar. Daşoguz welaýatynda garyň düýn, ýagny 23-nji fewralda ýagandygyny bellemeli. Ertir ýurduň demirgazyk welaýatynda howa -3...-1 gradus aralygynda bolar. Balkanabatda sişenbe güni howa -2...+5 gradus bolar.

Ýagynly welaýatlaryň ýaşaýjylaryna syýahatlary meýilleşdirenlerinde howa şertlerini hasaba almaklary we ýolda seresap bolmaklary maslahat berilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: