Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda synçy derejesini aldy
22.02.2025 | 09:45 |Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda (APA) synçy derejesini aldy. Bu baradaky karar Baku şäherinde tamamlanan Guramanyň 15-nji umumy mejlisinde kabul edildi diýip, BELTA habar berýär.
Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň hemişelik komissiýasynyň halkara işler we milli howpsuzlyk boýunça başlygy Sergeý Aleýnigiň habar berişi ýaly, bu Guramada synçy derejesini almak baradaky resmi arza 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda tabşyryldy. Arza Guramanyň ähli agza-döwletleri tarapyndan oňyn kabul edildi. “Assambleýa “Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň orny” şygary astynda geçirildi. Munuň özi Guramanyň ähli agza-ýurtlarynyň we synçy-ýurtlarynyň (60 golaý döwlet) köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek, sebit we global howpsuzlygy pugtalandyrmakda ýardam bermek, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak islegini açyp görkezýär” – diýip, ol belledi.
Aziýa parlament assambleýasy (APA) 2006-njy ýylda döredilip, onuň maksady häzirki zaman möhüm meseleleriň çözülmeginde milli parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmakdan, şol sanda Aziýada parahatçylygy üpjün etmekde parlamentiň ornuny ýokarlandyrmakdan ybarat. Assambleýa sebitde parlamentara dialogyň bir guraly hökmünde çykyş edip, onuň işi Aziýanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde toparlaýyn strategiýanyň işlenilmegine gönükdirilendir.
ORIENT news