Hytaý uniwersitetleri DeepSeek boýunça okuwlary girizýärler
22.02.2025 | 11:32 |Şu aýda tutuş Hytaýyñ uniwersitetleri DeepSeek hytaý startapy esasyndaky emeli añ boýunça okuwlary girizip başladylar.
Bu ädim emeli añ babatda DeepSeek kompaniýasynyň üstünliginiñ wajyplygyny açyp görkezýän Hytaý üçin "Hemra pursady" hökmünde alamatlandyryldy. Hançžouda ýerleşýän startap Kremniý jülgesiniñ bilermenleriniñ ýokary bahasyna mynasyp boldy. Olar DeepSeek-V3 we DeepSeek-R1 modellerini OpenAI we Meta ýaly kompaniýalaryñ öñdebaryjy işlap taýýarlamalary bilen deñeşdirip bolýandygyny aýdýarlar.
Şençžen uniwersiteti möhüm tehnologiýalary, şeýle-de howpsuzlyk, gizlinlik we etika meselelerini öz içine alýan okuwlaryñ giriziljekdigi barada habar berdi. Şanhaýdaky Çźeszýan we Szýaotun uniwersitetleri hem DeepSeek esasynda okuwlary girizip başladylar. Bu başlangyçlar bilim hilini we elýeterliligi gowulandyrmaga gönükdirilen Hytaýyñ 2035-nji ýyla çenli "güýçli bilimli milleti" döretmek boýunça milli strategiýasyna laýyk gelýär.
DeepSeek kompaniýasyny esaslandyryjy Liang Wengen ýakynda Si Szinpin we tehnologiýa pudagynyñ beýleki liderleri bilen duşuşdy. Munuñ özi hytaý yjdysadyýeti we tehnologiýasy çygrynda startapyñ wajyplygyny açyp görkezýär.
ORIENT news