Türkmen ýaşlary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilen ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi-bäsleşigine gatnaşdylar
24.02.2025 | 10:54 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Aýmyrat Halnazarow Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilen ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi bäsleşigine (YISF) özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşdylar.
Şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyñ ylmy esaslary atly ylmy işini hödürledi.
Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi bäsleşigi (YISF) jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylymy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan geçirilýär.
Bäsleşikleriň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň geljegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň geljegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri görkezilýär. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak, bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly meýdança bolup çykyş edýär. Bu ýyl oňa 24 ýurtdan 446 topar gatnaşýar.
ORIENT