Iň täze habarlar

VI Yslam raýdaşlyk oýunlaryň geçiriljek senesi belli boldy

24.02.2025 | 12:50 |
 VI Yslam raýdaşlyk oýunlaryň geçiriljek senesi belli boldy

VI Yslam raýdaşlyk oýunlary 2025-nji ýylyň 7-21-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu oýunlar gatnaşyjy-ýurtlar üçin möhüm çäre bolup durýar. Sebäbi musulman döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de sportuň ýaýbaňlanmagyna ýardam berýär.

Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ilkinjisi 2005-nji ýylda Mekkede (Saud Arabystany) geçirilip, şol döwürden bäri birnäçe ýyldan soň dürli ýurtlarda guralýar.

2010-njy ýylda ikinji oýunlary Eýranda geçirmeklik meýilleşdirildi, emma olar geçirilmedi. Üçünji oýunlar 2013-nji ýylda Indoneziýada, dördünji - 2017-nji ýylda Bakuda, bäşinji bolsa – 2021-nji ýylda Konýada (Türkiýe) geçirildi.

Şu ýyl bu ýaryşlara dürli ýurtly türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi bu oýunlary sport senenamasynda möhüm waka öwürer.

ORIENT news

Foto: idman.biz

Şeýle hem okaň: