Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar
20.02.2025 | 10:07 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Saparyň maksady – merkezde seljeriş-intellektual bölüminiň işini ýola goýmak babatda zerur bolan internet, sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy, emeli aň we kompýuter programmalarynyň üpjünçiligini ýerinde öwrenmek.
Iş saparynyň dowamynda wekiller Fraýbrug uniwersitet hassahanasy, RWTH Ahen uniwersitet klinikasy, Heidelberg uniwersitet hassahanasy, Göttingen hassahanasy, Lýudwig Maksimillian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasy, Augsburg uniwersitet hassahanasy we Fürstenfeldbruk hassahanalaryna bardylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary hassahanalaryň lukmançylyk işgärleri, IT we intellektual-seljeriş bölümleriniň hünärmenleri bilen duşuşyp, sanly lukmançylyk boýunça soraglary ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olaryň hassahana işini sanlylaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, IT bölümleriň işini guramak babatynda tejribelerini öwrendiler.
ORIENT news