Iň täze habarlar

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugruny geçirmegi meýilleşdirýär

24.02.2025 | 16:30 |
 Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugruny geçirmegi meýilleşdirýär

Gazagystanda täze Internet çykalgalary peýda bolar.

Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligine salgylanyp, LS habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugrunyň gurulmagy maslahatlaşmalar tapgyryndadyr. Bu ugur Pars aýlagynyň Internetine çykalgany üpjün eder.

Şeýle hem, Hazaryň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugrunyň çekilmegi boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär. Bu işleri amala aşyrmak üçin “Kazahtelekomyň” we Azertelecom-yň deň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhana döredildi.

ORIENT news

Foto: optima-service.ua

Şeýle hem okaň: