Iň täze habarlar

Türkmenistanda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygy kämilleşdiriş okuwlar geçirildi

24.02.2025 | 14:39 |
 Türkmenistanda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygy kämilleşdiriş okuwlar geçirildi

Türkmenistanda BRIDGE (Building Resources in Democracy, Governance, and Elections) usulyýeti boýunça dört günlük okuwlar geçirildi. BRIDGE usulyýeti interaktiw çemeleşme bolup, topar ýumuşlary, amaly ýagdaýlaryň derňewlerini we amaly ýumuşlaryň ýerine ýetirilşini öz içine alýar. Munuň özi gatnaşyjylarda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygyň kämilleşmegine we bilimleriniň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Okuwlar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi topary bilen bilelikde “Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam bermek” bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirildi. Okuwlaryň mowzugy – “Saýlawlary dolandyrmaga giriş” diýlip atlandyryldy.

Okuwlary BRIDGE usulyýeti boýunça halkara derejeli bilermenler Natia Kaşkaşwili we Şalwa Shakaýa geçirdiler. Çäre Merkezi saýlaw toparynyň, welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw edaralarynyň wekillerini, şeýle hem syýasy partiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.

Dört günlük okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar saýlaw işiniň esasy ugurlaryny, şol sanda saýlaw tapgyrlaryny, saýlawlary meýilleşdirmek, halkara tassyklanan standartlary we saýlawlary geçirmegiň ýörelgelerini, şeýle hem saýlawçylary hasaba almak ulgmynda elektron tehnologiýalaryň ulanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn sessiýa saýlaw işinde gender deňligi meselesine aýrylyp, saýlawlary inklýuziw we gender-duýgur dolandyrmagyň wajyplygyny açyp görkezdi.

“BRIDGE okuwlary saýlaw dolandyryjylara saýlaw işleriniň netijeliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan möhüm ukyp-başarnyklary we bilimleri berýär” – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Tomisa Paowiç öz giriş sözünde belledi.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: