TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri we buýan köküniň goýaldylan ekstrakty ýerlenildi
20.02.2025 | 09:45 |19-njy fewralda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türk işewürleri Türkmenistanyň telekeçilerinden buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet kosnerni bilen “TPP 3 30 G” kysymly polipropileni we “SN-600” kysymly esas ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 49 500 000 manada we 2 830 500 ABŞ dollaryna barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news