TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 27 geleşik hasaba alyndy
24.02.2025 | 11:55 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 27 geleşik hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt pul birligine “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt pul birligine portlandsement we buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Türkiýe, Gazagystan. Geleşikleriň umumy bahasy 30 mln 357 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazara ýerli işewürler gurluşyk önümlerini, polipropileni we esas ýagyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem matalary we nah gayndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 53 mln 817 müň manatdan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news