Türkmenistan we AEHA bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdy
11.02.2025 | 23:25 |11-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (AEHA) tehniki hyzmatdaşlyk Departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kala duşuşdy.
Duşuşykda taraplar häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary, şol sanda radioterapiýa gullugyny döwrebaplaşdyrmak, radiasiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk binýadyny täzelemek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Tehniki hyzmatdaşlyk Departamenti, AEHA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşydyr. Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistana degişli AEHA-niň Çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip düzülmeginiň ýagdaýyny hem-de Aşgabatda Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygyna agentligiň bilermenleriniň gatnaşmagyny maslahatlaşdylar.
ORIENT