Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: dokma önümleri satyn alyndy

11.02.2025 | 09:35 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: dokma önümleri satyn alyndy

10-njy fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 134 235,05 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: