Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen EYR-nyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

11.02.2025 | 05:00 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen EYR-nyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

10-njy fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan şeýle hem öz adyndan Eýranyň Hökümetiniň ýolbaşçylaryny milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, eýran halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Masud Pezeşkian Eýranda goňşy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa jogap hökmünde mähirli salamyny ýollady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler.

Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli: Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu başlangyjyny doly goldandygy we bu Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň hem EYR-nyň halkara giňişlikdäki işlerine uly hormat goýýandygyny we goldaýandygyny nygtady.

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler şeýle hem şol döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny mälim etdi hem-de şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip edildi.

Şu nukdaýnazardan, türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň çäginde söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýä ibermek boýunça “BOTAŞ” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklip etdi. Bu babatda eýýäm gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Ulag pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesine ünsi çekip, bu meseläniň sebitimiz üçin örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy. Türkmenistanyň suw meselesi baradaky garaýşyny türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde beýan edipdi.

Bu meselede üç sany esasy ýörelgä esaslanmak gerek: halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek; sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak; bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagy baradaky teklibini mälim etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir möhüm meselä — Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Ýurtlarymyz bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler. Indiki hepdede, 17-18-nji fewralda Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellenildi diýip, TDH habar berýär (giňişleýin maglumat şu çeşmede).

ORIENT

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: