Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Hindistanda geçirilen seminarda çykyş etdi
11.02.2025 | 10:25 |Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen halkara seminara gatnaşdy.
Çäre 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-den fewral aýynyň 18-ne çenli Hindistan Respublikasynyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) çäklerinde Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda geçirilýär. Seminaryň mowzugy – “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly özüş maksatlaryna ýetmekde tehniki we hünär bilim ulgamyny pugtalandyrmak”. Maslahata 25 ýurduň 30 wekili gatnaşýar.
Şu ýylyň 7-nji fewralynda türkmen wekili ýurduň iň abraýly uniwersitetleriniň biri hasaplanylýan Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynda geçirilen halkara seminarda hem çykyş etdi. Türkmenistanly mugallymyň çykyşy Türkmenistanyň bilim ulgamynda girizilen täzeçiliklere bagyşlandy. Kömek Kömekow Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynyň adyndan şahadatnama we sowgat bilen sylaglandy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023-nji ýyldan bäri Hindistan Respublikasynyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) hyzmatdaşy bolup durýar. Şol döwrüň içinde Türkmenistanyň bu ýokary okuw mekdebiniň 5 sany mugallymy hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna gatnaşdy.
ORIENT news