Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurar
10.02.2025 | 09:50 |Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurmagy meýilleşdirýär. Munuň özi ýurduň sanly infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin möhüm ädim bolar.
Gurluşyk baradaky ylalaşyga Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi we Freedom Telecom Holding kompaniýasy gol çekdi. Taslama TIER-III (enjamlaryň we infrastruktura ygtybarlylygynyň iň ýokary standarty) derejesinden pes bolmadyk maglumatlary işlemek merkezini (MIM) öz içine alýar. Olar halkara internet-trafiginiň geçirilmegi we saklanylmagy üçin niýetlener.
Täze ugur Ýewropa bilen Gündogar Aziýanyň arasynda maglumatlary geçirmegiň alternatiw ýoluny üpjün eder. Bu hem sanly hyzmatlar bazarynda Gazagystanyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp, dünýäniň IT-kompaniýalarynyň ünsüni çeker. Mundan başga-da, taslama maliýe amallaryny işjeňleşdirmeli hem-de emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary güýçlendirmeli. Munuň özi Gazagystany daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji ýagdaýa öwürer. Giper ýolunyň durmuşa geçirilmeginiň geçirilýän maglumatlaryň möçberini ep-esli derejede ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, internet-trafiginiň halkara geçirilişinde Gazagystanyň möhüm ornuny pugtalandyrjakdygyna garaşylýar. Gurluşyk 2026-njy ýylda tamamlanmaly, maliýeleşdirme bolsa hususy maýa goýumlaryň hasabyna amala aşyrylar.
ORIENT