6 fewral – ykjam telefonyndan ýüz öwürmek güni
06.02.2025 | 16:05 |6 fewral – ykjam telefonyndan ýüz öwürmek günidir. Ol 2001-nji ýylda fransuz žurnalisti Fil Marso tarapyndan öňe sürüldi. Bu sene ykjam aragatnaşygyň durmuşymyza edýän täsirine üns çekmäge we adamlaryň telefonlaryny nähili derejede ýygy ulanyp, saglygyna we sosial özara gatnaşyga täsir edýändigi barada oýlanmaga gönükdirilendir.
Ykjam telefonlar ep-esli derejede kommunikasiýalary aňsatlaşdyryp, bize islendik wagt islendik ýerde aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berdi. Emma, ykjam enjamlaryň ulanylyşynyň artmagy bilen, baglylyk, ukynyň hiliniň ýaramazlaşmagy we janly aragatnaşyk derejesiniň peselmegi ýaly ýaramaz netijeler hem ýüze çykdy. Bu günde iň bolmana, ykjam telefonlaryň durmuşymyza we saglygymyza nähili derejede täsir edýändigine göz ýetirmek üçin, birnäçe wagtlap olaryň ulanyşyndan ýüz öwürmek teklip edilýär. Munuň özi adamlar üçin ünsüni bölmezden maşgalasy we dost-ýarlary bilen wagt geçirmäge, şeýle hem gündelik durmuşda tehnologiýalaryň ulanylyşyny deňagramlaşdyrmak barada oýlanmaga mümkinçilik döreder.
Bu senäniň tarapdarlary hemme adamlara ykjam aragatnaşygyň olara berýän artykmaçlyklary we onuň ulanyşy nämeden mahrum edip biljegi, jemgyýete ýetirýän peýdasy hem-de adamyň fiziki bolmasa-da, psihiki saglygyna nähili derejede zyýan ýetirip biljekdigi barada oýlanmaga teklip edýärler.
ORIENT News