Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 36 geleşik hasaba alyndy

10.02.2025 | 16:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 36 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 36 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt pul birligine “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-nyň önümçiligi bolan hlorly natrini we karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt pul birligine ýorgan-ýassyk daşlyk toplumlary, jins önümleri, nah mata we ýüplükler ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: BAE, Germaniýa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 33 mln 683 müňden gowrak ABŞ dollaryna barabar boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler polipropilen we nebit galyndylaryny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem portlandsementi, float düz aýnasyny, ýumşak önümleri we buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 175 mln 405 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: