||
Şu gün Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Aljamal bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Ilçi ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygynyň giňden belleniljek senesi bolan, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi bilen giňden tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasyndaky Gümrük ulgamynda alnyp barylýan işler hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT News
