Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: agardylmadyk mata we float aýnasy satyn alyndy

08.02.2025|10:05|
1140
tdhcmb-da-sowdalasyklar-agardylmadyk-mata-we-float-aynasy-satyn-alyndy
Surat çeşmesi: exchange.gov.tm

7-nji fewralda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Germaniýanyñ telekeçileri Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri bilen agardylmadyk matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri Türkmenistanyñ Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryñ dowamynda umumy bahasy 51 150 000 manada we 165 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.

ORIENT news