Iň täze habarlar

“Hazar deňzi – Gara deňiz” taslamasy boýunça duşuşyk geçirildi

11.02.2025 | 23:05 |
 “Hazar deňzi – Gara deňiz” taslamasy boýunça duşuşyk geçirildi

10-njy fewralda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň hem-de ulag ulgamy boýunça pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirmek hem-de sebitdäki söwda we ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin döredilen bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşige gatnaşyjylar taslamanyň oňa ählisi üçin söwda gatnaşyklaryna ýetirjek oňyn täsirini şeýle hem şeýle hem Ýewropa we Aziýa bazarlaryny baglanyşdyrmak we sanly tehnologiýalary ulanmak üçin ýük daşamak ulgamyna halkara guramalary çekmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu ýyl gol çekilmegi meýilleşdirilýän “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük gatnawynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

“Hazar deňzi – Gara deňiz” täze halkara ulag geçelgesi ählumumy ulag kommunikasiýa ulgamynda möhüm baglanyşyga öwrüler. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar we Hazar deňzi sebitiniň geosyýasy ähmiýetini ýokarlandyrar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: