Iň täze habarlar

Bohaý aýlagyndaky dünýäniň iri metamorf jynslarynyň nebit ýatagynda gazyp alnyşy başlady

10.02.2025 | 13:38 |
 Bohaý aýlagyndaky dünýäniň iri metamorf jynslarynyň nebit ýatagynda gazyp alnyşy başlady

Hytaýyň milli ofşor nebit korporasiýasy (CNOOC) Bohaý aýlagynda ýerleşip, Boçžun 26-6 ady bilen belli dünýäniň iri metamorf jynslarynyň nebit ýatagynda gazyp alnyşyň başlandygy barada habar berdi. Bu barada Sinhua agentligi belleýär.

Bu ýatak Týanszinden, takmynan, 170 km uzaklykda ýerleşip, onuň ortaça çuňlygy 20 m golaýdyr. Işläp taýýarlamanyň birinji tapgyrynda 33 guýy işledilip, olaryň 22 sanysy gazyp alynýan guýy boljakdygyna garaşylýar. Çaklamalara görä, iň köp gazyp alynyş 2025-nji ýyla çenli bir gije-gündizde nebit ekwiwalentinde 22,3 müň barelle ýeter. Ýatakda nebitiň we gazyň barlanylan umumy gorlary 200 m3 geçýär.

Hytaýyň ýalpak ýerinde ýerleşýän nebit we gazyň iri öndürijisi hasaplanylýan CNOOC üçin bu taslama möhüm üstünlik bolup durýar. Taslamanyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilşi 2025-nji ýylyň 9-njy fewralynda amala aşyrylyp, ol merkezi tehnologiki platformanyň we guýynyň agzynda uçarsyz platformanyň gurluşygyny öz içine alýar. Bu taslama diňe bir sebitde uglewodordlaryň gazyp alnyşyny artdyrman, eýsem uglerod zyňyndylaryny azaltmakda hem ýardam berer. Sebäbi ulanylşyň tutuş döwri boýunça 1,5 mln tonna golaý kömürturşy gazynyň gömülmegi göz öňünde tutulýar.

ORIENT

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: