Iň täze habarlar

HiBreak Pro elektron syýa tehnologiýasynda işlenilen smartfon çykaryldy

11.02.2025 | 10:55 |
 HiBreak Pro elektron syýa tehnologiýasynda işlenilen smartfon çykaryldy

Bigme kompaniýasy HiBreak Pro täze smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol elektron syýa tehnologýasynyň (E-Ink) ulanylmagy bilen adaty enjamlardan tapawutlanýar.

Bu smartfon 6,13 duýmli ekran bilen enjamlaşdyrylan, 1648x824 piksellik mümkinçilikli we 300 ppi galyňlyga eýedir. Munuň özi ýiti gün şöhlelerinde hem gowy okamak mümkinçiligini üpjün edýär. HiBreak Pro modeliniň esasy aýratynlyklarynyň biri SSS Super Refresh tehnologiýasy bolup durýar. Ol sekuntda 21 surata çenli ýygylygynda ekrany täzelemäge mümkinçilik berýär. Bu hem “göze görünmeýän” täsiri peseldip, suratlaryň geçirilişini has akgynly ýagdaýa getirýär.

Smartfon Media Tek Dimensity 1080 prosesoryň esasynda işläp, 8 Gb operatiw we 256 Gb oturdylan ýada eýedir. Ony microSD kart arkaly hem giňeldip bolýar. Enjamyň esasy kamerasy 20 Mp çenli, frontal kamerasy bolsa – 5 Mp çenli mümkinçilige eýedir. HiBreak Pro modeliniň 5G, Wi-Fi, Bluetooth 5.2 we NFC üpjünçiligi hem bar. Şeýle hem ol ChatGPT we teksti dile öwürmek ýaly EA-wezipeleriň integrasiýasy bilen, Android 14 dolandyrylmagynda işleýär. 4500 MaS göwrümli akkumulýator 18 Wt möçberinde kuwwat berijini üpjün edýär.

Täze model öňünden sargamak üçin eýýäm elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: 4pda.to

Şeýle hem okaň: