Iň täze habarlar

BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi

10.02.2025 | 13:10 |
 BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi

2025-nji ýylyň 3-7-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak we onuň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça milli seminar geçirildi. Seminar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi we BMG-niň Terrorçylyga garşy merkezi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Seminara gatnaşyjylar serhet howpsuzlygyny üpjün etmekde integrirlenen çemeleşmäniň artykmaçlyklary bilen tanyşdylar.

Serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagynyň strategiýasy howplary we töwekgelçilikleri kesgitleýär, milli agentlikleri we olaryň serhetüsti jenaýatlaryna garşy göreşindäki ornuny kesgitleýär. Strategiýa hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny, şeýle hem bikanun migrasiýa we adam söwdasy, terrorçylyk, neşe serişdeleri, bikanun harytlaryň geçirilişi we beýleki serhetüsti howplar ýaly howpsuzlyk meseleleriň çözülşi üçin agentlikleriň ösüş ugurlaryny hem kesgitleýär.

ORIENT

Foto: bomca-eu.org

Şeýle hem okaň: