Türkmenistanda ýody we bromy öndürmek boýunça täze zawod gurlar
12.02.2025 | 14:20 |“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Günbatar Çeleken (Hazar meýdançasy) ýatagynda çig-mal binýadynyň hem-de “Balkanabat” ýod zawodynyň durkunyň täzelenmegi bilen ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça zawody taslamalaşdyrmak we gurmak barada halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132 salgysy boýunça “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernine ýazmaça arzany tabşyrmaly. Arzada gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilmeli.
Şeýle hem, 1725 ABŞ dollary (GNS hasaba almak bilen) ýa-da Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň hümmeti boýunça manat ekwiwalentinde (rezidentler üçin) tölegi amala aşyryp, bäsleşik resminamalar bukjasyny almaly. Bäsleşik tekliplerinden ybarat bukjalar töleg tassyklanan soňra kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri tabşyrmagyň soňky möhleti - «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildirişiň çap edilmeginden 30 iş güni. Habarlaşamak üçin:
Telefon belgileri – (99312) 39-01-62; 39-01-58.
Faks – 39-01-72.
E-mail – contact@turkmenhimiya.gov.tm;
12dep@turkmenhimiya.gov.tm
ORIENT News