Iň täze habarlar

Türkmenistanyň burawlaýjylary täze çuň nebit guýylaryny özleşdirýärler

12.02.2025 | 12:40 |
 Türkmenistanyň burawlaýjylary täze çuň nebit guýylaryny özleşdirýärler

2024-nji ýylda “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Keýmir, Ekerem, Şatut, Demirgazyk Goturdepe, Kemer, Uzynada ýataklarynda 11 sany täze guýylary ulanyşa berdiler.

Iň kyn bölekleriň biri Uzynada ýatagy bolup dur, ol ýerde taslama çuňlygy 6800 m barabar bolan çuň guýylaryň buraw işleri alnyp barylýar. Baý uglewodorod gatlaklary hünärmenlerden ýokary taýýarlygy we häzirki zaman tehnikasynyň ulanylmagyny talap edýär.

Geçen ýyl Uzynadada , nebitiň senagat ýygnanmasyny beren №84 guýysy üstünlikli burawlandy. Şeýle hem, 2024-nji ýylda hünärmenler täze №87 guýyny gurnamak işlerine başladylar. Bu işler üçin döwrebap buraw desgalary, şol sanda ZD 70 DB hytaý önümçilik desgalary ulanylýar. Bu desga çylşyrymly dag jynslarynda öz netijeliligini görkezdi.

Hünärmenler Öwezdurdy Gurbanow, Hojamyrat Mämmetjanow, Ýusup Baýrammämedow, Maksatmyrat Makyjanow täze tehnikany üstünlikli özleşdirdiler.

Türkmen burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyda öňünde täze zähmet üstünliklere ýetmek boýunça wezipeleri goýup, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga dowam edýärler.

ORIENT News

Foto: turkmennebit.gov.tm

Şeýle hem okaň: