Iň täze habarlar

Türkmenistanda Gwatemalanyň täze ilçisi akkreditirlendi

10.02.2025 | 22:25 |
 Türkmenistanda Gwatemalanyň täze ilçisi akkreditirlendi

10-njy fewralda, sişenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini Prezident Serdar Berdimuhammedowyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi hem-de demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Taraplar türkmen-gwatemal syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi barada pikir alyşdylar, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy gerimini giňeltmek maksady bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem şol gün Gwatemala Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow tarapyndan kabul edildi.

10022025-v-turkmenistane-akkreditovan-posol-gvatemaly (2).jpg

Taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. Gwatemala tarapynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselä hem deglip geçildi.

ORIENT

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: