Türkmen-türk sebitara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
08.02.2025 | 11:10 |2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň bu sebitine amala aşyran saparynyň geljekki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyna mümkinçilik döretýändigini nygtadylar we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler boýunça maglumatlary ýetirdi.
ORIENT news