Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmegi meýilleşdirýär
10.02.2025 | 15:50 |Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçirýär. 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda türk uniwersitetlerinde 340 müňe golaý daşary ýurtly talyplar bilim alýar. Munuň özi ýurdy bu görkeziji boýunça dünýäde sekizinji orna goýýar. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy (Yükseköğretim Kurulu, YÖK) Erol Özwar bu maksada ýetmek üçin bilim maksatnamalary ösdürmek we daşary ýurtda, esasan hem, Ýakyn Gündogar, Afrika we Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze okuw mekdeplerini açmak zerur bolup durýandgyny aýtdy. Bu strategiýanyň möhüm ugry inženeriýa we lukmançylyk ýaly tehnologiýa derslerine ähmiýet berilmegindedir. Bu hem Türkiýäniň zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyk gelýär.
Mundan başga-da, ýurduň häkimiýeti ösüşe goşant goşmaýan maksatnamalary ýapmak bilen, ýokary bilimiň hilini gowulandyrmaga çalyşýar. Munuň özi diňe bir has köp mukdarda daşary ýurtly talyplary çekmän, eýsem ýurtda bilimiň umumy derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
ORIENT