Iň täze habarlar

4-nji fewral – Halkara adamzat doganlygy güni

04.02.2025 | 19:10 |
 4-nji fewral – Halkara adamzat doganlygy güni

2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bütin dünýäde hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli derejede yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, her ýylyň 4-nji fewralynda bellenilýän Halkara adamzadyň doganlygy gününiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu gün BMG tarapyndan yglan edilip, halkara, sebit, milli we ýerli başlangyçlary, şeýle hem dinler we medeniýetara gepleşigi ilerletmäge gönükdirilen dini liderleriň tagallalaryny göz öňünde tutup kabul edildi.

Hususan, 2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabide geçirilen duşuşygyň netijesinde Rim papasy Fransisk bilen «Al-Azharyň» Ýokary ymamy Şeýh Ahmad at-Taýyb tarapyndan gol çekilen «Ählumumy parahatçylyk we bilelikde ýaşaýyş ugrundaky adamzadyň doganlygy» jarnamasy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

04022025-den-bratstva.JPG

Bu gün birek-birege hormat goýmagyň we jebisligiň gymmatlyklaryny wagyz edýän gün bolup, has parahat, adalatly we agzybir dünýä ýetmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Çydamlylyk, köpdürlülik, dini we dünýägaraýyş taýdan birek-birege hormat goýmak adamzadyň doganlygyny ösdürýär.

Şol sebäpli, BMG parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny berkitmek, dini hem medeni köpdürlüligi hormatlamak arkaly ählumumy, sebitleýin, milli we ýerli derejede birek-birege düşünişmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen dinara we medeniýetara gepleşigi wagyz edýän çäreleri geçirmek zerur diýip hasaplaýar.

ORIENT

Foto: Pixabay

Şeýle hem okaň: