Iň täze habarlar

Parižde emeli aň boýunça Sammit geçirildi

12.02.2025 | 13:40 |
 Parižde emeli aň boýunça Sammit geçirildi

6–11-nji fewral aralygynda Parižde geçirilen emeli aň Hepdesiniň iň möhüm wakasy hökmünde EA boýunça edilmeli işleriň Sammiti boldy. Sammitde döwlet we hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň hem-de iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, akademiki we ylmy jemgyýetleriň, döredijilik pudagynyň wekilleri, şeýle-de köp ýurtlardan gelen hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen raýat jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sammitiň başlyklygyna Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi geçdiler. Myhmanlaryň hatarynda telekeçiler Ilon Mask, OpenAI ýolbaşçysy Sem Altman hem-de Microsoft kompaniýasynyň wekilleri bardy.

12022025-Paris AI summit.jpg

Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, emeli aňyň çalt ösmegi jemgyýetlere we dünýä ykdysadyýetine düýpli täsir edýär. Bu tehnologiýa saglygy goraýyş, bilim, iş üpjünçiligi we innowasiýalar ýaly esasy ugurlarda hakykatdanam öwrülişik döretmäge mümkinçilik berýär. Emma onuň tiz ornaşdyrylmagy maglumatlaryň ygtybarlylygy, esasy hukuklaryň goragy we elýeterlilik bilen baglanyşykly möhüm soraglary hem ýüze çykardy. Halkara jemgyýetçiliginiň öňünde jemgyýetlerimizde deňagramlylygy saklamak we umumy gymmatlyklara esaslanýan EA döretmek wezipesi durýar.

EA boýunça geçirilmeli işler Sammitiniň maksady, jemgyýetiň we dünýä ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän durnukly emeli aňyň ylmy esaslaryny, çözgütlerini we ülňülerini bilelikde kesgitlemekden ybarat. Gatnaşyjylar üç esasy ugur boýunça iş alyp bardylar: adamlara garaşsyz, ygtybarly we anyk EA elýeterlilik döretmek, ekologiki taýdan howpsuz we az resurs sarp edýän EA tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle-de ählumumy derejede emeli aň dolandyryş ulgamyny berkarar etmek.

12022025-Paris AI summit (1).jpg

Pariž sammitiniň esasy mowzuklary aşakdakylardan ybarat boldy: jemgyýetiň bähbidine EA, geljegiň iş bazary, innowasiýalar we medeniýet, EA bolan ynam hem-de ählumumy dolandyryş. EA hepdesiniň ýapylyş güni bolsa EA demokratiýa bilen baglanyşygy we daşky gurşawa täsiri barada aýratyn çäreler guraldy.

Fransiýanyň Prezidentiniň Administrasiýasy, emeli aň boýunça taslamalara goldaw bermek maksady bilen ýörite gazna dörediljekdigini yglan etdi. Pariž bu gaznanyň bäş ýylyň dowamynda taslamalary üçin €2,5 milliarddan gowrak maýa çekjekdigine umyt baglaýar. Sammitden öň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýerli teleýaýlyma beren interwýusynda, ýurduň emeli aň sektory üçin €109 milliard (takmynan $113 milliard) maýa goýuljakdygyny aýtdy.

ORIENT

Foto: euronews.com

Şeýle hem okaň: