Altyn bazary rekordlary täzeleýär
12.02.2025 | 14:21 |Geçen hepde geçirilen söwdalar döwründe altynyň bahasy ilkinji gezek taryhda 1 troý unssiýasy üçin $2900 derejeden geçdi diýip, halkara altyn bazaryndaky tendensiýalary yzarlap ýöriteleşdirilen neşirler habar berýär. Bu ösüşe dünýäde dowam edýän geosyýasy we makroykdysady näbellilik itergi berýär. Altyn iň ygtybarly maýa goýum serişdesi we inflýasiýadan gorag hökmünde görülýär.
Bütindünýä altyn geňeşiň (World Gold Council, WGC) soňky hasabatyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde altyna bolan isleg rekord derejä ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1% artdy we 4 974,5 metrik tonna boldy. Bu ösüşiň esasy sebäpleri: Merkezi banklaryň üç ýyl bäri her ýyl 1 000 tonnadan gowrak altyn satyn almagy, bu ýagdaý ätiýaçlyklary diwersifikasiýa etmek we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek isleginiň dowam edýändigini görkezýär; altyna bolan maýa goýum isleginiň 25% ýokarlanyp, soňky dört ýylda iň ýokary derejä ýetmegi; 2024-nji ýylda altynyň bahasynyň 27% ýokarlanyp, 2010-njy ýyldan bäri iň uly ösüşi görkezmegi, bu hem altyny iň girdejili çig mallaryň birine öwürdi.
Şeýle-de bolsa, umumy islegiň ýokarlanmagyna garamazdan, altyn şaý-sepleriniň sarp edilişi azalýar. Munuň sebäbi altynyň ýokary bahasy bolup, bu ýagdaý sarp edijileri satyn alyşdan saklaýar.
WGC-niň hasaplamalaryna görä, geçen ýylda altynyň bahasy 40 gezek rekord derejä ýetdi we bu düýpli bahanyň üýtgemegi häzirki ýylyň başyndan bäri dowam edýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda dowam edýän geosyýasy we makroykdysady näbellilik altyny serişdeleri gorap saklamagyň hem-de töwekgelçilikleri azaltmagyň serişdesi hökmünde bolan islegi goldar. Derňew geçirijiler, altynyň bahasynyň 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli psihologik çäk bolan bir unsiýa $3000 derejesini geçip biljekdigini çaklaýarlar. Şeýlelikde, altyn ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde kapitaly goramagyň we serişdeleri saklamagyň iň täsirli usuly hökmünde öz gymmatyny saklaýar.
ORIENT