Türkmen «Küştdepdi» tansyny gazak artistleri Astanada ýerine ýetirdiler
12.02.2025 | 15:50 |Gadymy halk tansy «Küştdepdi» diňe bir Türkmenistanda ussat we özbaşdak tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurt sungat ussatlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär. Şu özboluşly hem-de joşgunly tans Gazagystanyň etno-folklor ansambly «Turan» tarapyndan 2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Astanadaky Ýe. Rahmadiýew adyndaky Döwlet akademiki filarmoniýasynyň sahnasynda görkezilen «Tamyr» atly uly konsertiň maksatnamasyna girizildi.
«Tamyr» taslamasy diňe bir «Turan» ansamblynyň sazandalaryny däl, eýsem «Gulder», «Saltanat», «Alem» tans toparlaryny hem-de K. Kuanyşbaýew adyndaky Gazak milli sazly-drama teatrynyň artistlerini birleşdirdi. Bu täsin sazly-teatrlaşdyrylan tomaşada saz, tans we teatr elementleri sazlaşykly utgaşyp, tomaşaçylary çarwa medeniýeti gurşap aldy. Onda türki halklaryň döreýiş çeşmeleri we ata-babalaryň mifologiki dünýägaraýşy açylyp görkezildi.
Konsertde türki dünýäsiniň halklaryna degişli 30-dan gowrak milli saz gurallarynda eserler ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda gazaklaryň, türkmenleriň, gyrgyzlaryň, özbekleriň, azerbaýjanlylaryň, türkleriň, wengerleriň we saha halklarynyň saz medeniýeti açylyp görkezildi. Tomaşaçylar diňe bir saz gurallarynyň özboluşly owazyndan lezzet alman, eýsem umumy köklere esaslanýan medeniýetleriň agzybirlik we dürlülik ruhuny hem duýdular.
«Turan» etno-folklor topary 2008-nji ýylda Kurmangazy adyndaky Gazak milli konserwatoriýasynyň uçurymlary tarapyndan döredildi. Onuň düzümine onlarça halk saz gurallaryny ussatlyk bilen çalyp bilýän zehinli multiinstrumentalist sazandalar girýär.
Toparyň esasy maksady – gazak halk döredijiligini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem türk halklarynyň saz mirasyny dünýä sahnasynda tanatmak. Olar tarapyndan hödürlenen «Tamyr» taslamasy türki dünýäsiniň medeni mirasynyň baýlygyny we köpdürlüligini özünde jemleýär.
ORIENT