Iň täze habarlar

Türkmenistandaky özüniň diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýanyň ilçisi DIM-de kabul edildi

06.02.2025 | 19:35 |
 Türkmenistandaky özüniň diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýanyň ilçisi DIM-de kabul edildi

6-njy fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Indoneziýa Respublikasynyň diplomatik işini tamamlaýan Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklara deglip geçildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: