Türkmenistan hem-de VSO bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
28.01.2025 | 13:15 |2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Volunteer Services Overseas (VSO) Halkara guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan bilim ministriniň orunbasary jenap Azat Ataýew we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri hanym Gülnabat Gurdowa gatnaşdy.
Volunteer Services Overseas (VSO) – halkara guramasy bolup, onuň ştab-kwartirasy Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýär. VSO bilim, saglygy goraýyş we ýaşaýyş serideleriniň üpjün edilşi ýaly ulgamlarda adam mümkinçiliklerini ösdürmekde we goldaw bermekde ýöriteleşdirilýär. Gurama 20-den gowark ýurtda işjeň hereket edip, bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, mugallamlary taýýarlamaga hem-de inklýuziw bilim gurşawyny döretmäge ähmiýet berýär. VSO durnukly ösüşe we hemmeler üçin deň mümkinçilik elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary ornaşdyrýar.
Bilim ulgamy we tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri duşuşygyň maksady boldy. Mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek, okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem okuwçylarda häzirki zaman ählumumylaşdyrylan dünýäde ýaşaýyş üçin zerur bolan ukyp-başarnyklary emele getirmäge gönükdirilen okuw maksatnamalaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
VSO wekilleri, şol sanda jenap Purna Şrestha we hanym Joýs Laker mugallymlary, okuwçylary we mekdepleri ösdürmäge we olara goldaw bermäge gönükdirilen bilim başlangyçlaryň wajyplygy barada belläp geçdiler. Olar VSO guramasynyň bilim ulgamyny özgertmek we mugallymlaryň mümkinçiliklerini berkitmek babatda toplan tejribesi bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy. Dünýäniň iň gowy tejribeleri boýunça alyş-çalyş we öwretmegiň innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uly gyzyklanma döretdi.
Duşuşyk mähirli we konstruktiw ýagdaýda geçirilip, taraplaryň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan isleglerini açyp görkezdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda halklaryň arasynda dostlugy berkitmekde medeni we bilim hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar bilelikdäki tagallalaryň bilim ulgamynda möhüm netijeleri gazanmaga hem-de Türkmenistanyň okuwçylary we mugallymlary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýol açjakdygyna ynam bildirdiler.
ORIENT News