Almatyda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler
03.02.2025 | 11:25 |Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäheriniň Türkmen köpçülikleýin-medeni merkeziniň 30 ýyllygyna hem-de Gazagystanyň Halk assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärä Dünýä türkmenleriň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary, Gazagystanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türki halklaryň medeni Gaznasynyň prezidenti, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň etnik medeni merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Almaty şäheriniň Akimatynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň DIM-iň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň wekili şu ýyl 30 ýyllygy dolýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Çykyşda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” gabat gelýändigi barada bellenildi. Munuň özi häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň barha ösýän ähmiýetine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylda berkidilip, şol döwürden bäri hoşniýetli goňşuçylyk, deň hukuklylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugruna öwrüldi.
2025-nji ýyl Türkmenistanda resmi taýdan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylýar. Bu şygar ýurduň daşary syýasy ugruny hem-de durnukly dünýä üçin şert döretmekde onuň isleglerini şöhlelendirýär. Ýurdumyzda ýylyň nyşany hem tassyklanyldy, ol hem geçiriljek dabaralaryň möhüm bölegi bolar. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygy baradaky wideo ýazgy hem görkezildi.
ORIENT news