OpenAI adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygyny üýtgetjek emeli aň-gajetini döreder
04.02.2025 | 15:10 |Sem Altmanyň ýolbaşçylygynda OpenAI kompaniýasy meşhur dizaýner Joni Aýw bilen hyzmatdaşlykda täze emeli aň-gajetini işläp taýýarlaýar. Ol ulanyjylaryň kompýuter bilen özara gatnaşygyny düýpgöter üýtgeder.
Bu enjam adaty smartfonlardan tapawutlanar, sebäbi ol tekst girizilmeginiň iň pes derejesini göz öňünde tutup, ses arkaly dolandyryşa ähmiýet berer. Altman emeli aňyň “kompýuter bilen özara gatnaşyklarda düýpgöter üýtgemeleriň” talap edýändigini hem-de geljekde sesiň ulanyjylar interfeýsiniň esasy serişdesi boljakdygyny nygtaýar. Täze enjam aň taýdan düşnükli bolup, gündelik ulanyş üçin amatly bolar. Munuň özi tehnologiýalar bilen özara gatnaşygy ep-esli derejede aňsatlaşdyrar.
ORIENT news