Iň täze habarlar

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamlady

02.02.2025 | 22:05 |
 Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamlady

Maryda açyk derejede Türkmenistanyň Küşt boýunça çempionatynyň biriji ligasynyň ýaryşy, şeýle hem milli çempionatyň abraýly ýokary ligasyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyry tamamlandy. Ozal açyk birinji liga erkekler ýaryşy hökmünde geçirilen bolsa, indi oňa zenanlar hem gatnaşyp biler. Bäsleşik 26-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçirildi we 70 gatnaşyjy bire ýere jemledi, olaryň 16-sy zenanlardy.

Общий вид зала - 20250128_153914.jpg

Mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplap, garaşylmadyk ýagdaýda çempion diýen ada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Läle Şöhradowa (FIDE reýtinginde – 2011) eýe boldy. Läle 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi bolup, bu ýerde Türkmenistanyň zenanlar topary “C” derejesinde kiçi altyn medal gazandy.

Zenanlaryň arasynda FIDE ussady Läle Şöhradowa Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda doglan we çagalygynda Gulhan Gurbandurdyýewyň elinde tälim alýar, 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň elinde türgenleşik geçýär.

Лала Шохрадова.jpg

Türkmenistanyň zenanlar toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew (FIDE reýtinginde – 2105) birinji orundan ýarym utuk yzda galdy. Üçünji orny bolsa FIDE ussady Mergen Kakabaýew mynasyp boldy (FIDE reýtinginde – 2262).

Açyk (ýa-da erkekler) birinji liganyň taryhynda ilkinji gezek zenanyň ýeňendigini bellemelidirs. Bäsleşige gatnaşan beýleki gatnaşyjylar şol sanda 18 ýaşly Leýla Şöhradowa (Läläniň gyz dogany), 19 ýaşly Bägül Ezizowa we 15 ýaşly Jahan Rejepowa we Mähri Agamyradowa ýaly ýokary bäsdeşlik ukybyny görkezdiler ýagny tutuş ýaryşda öňdebaryjy toparda bolup, “erkekler” ýokary ligasyna çykmak üçin dalaş etdiler emma soňky iki tapgyrda ýalnyşlyk göýberdiler.

2024-09-16_01-11-28.jpg

Küşt federasiýasynyň tälimçiler topary, boýunýa milli ýygyndynyň küştçileriniň oýunlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny 2024-nji ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin Aşgabatda geçirilen alty aýlyk türgenleşigi we meşhur grossmeýster Wasiliý Iwançuk bilen Türkiýede gurnalan okuw türgenleşigi bilen düşündirýärler. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp toplanan tejribeleri hem hasaplaman bolmaz.

Призеры - TOP 3.jpg

Läle Şöhradowadan başga-da Ýokary ligada çykyş etmek beýleki bäş ýollanmalary eýeleri: Şahruh Turaýew (2-nji ýer), Mergen Kakabaýew (3-nji ýer), Ilhan Çaryýew (4-nji ýer, reýting – 2064), Şageldy Gurbandurdyýew (5-nji ýer, reýting – 2100), we Nedir Sylyýew (6-njy ýer, reýting – 2056). 17 ýaşly Ilhan we 23 ýaşly Nedir ilkinji gezek ýurduň esasy ýaryşynda çykyş ederler. Läle ozal 2023-nji ýylda zenanlaryň arasynda ýurduň çempiony hökmünde bu mümkinçilik berildi. 2024-nji ýylda Ýokary ligada çykyş eden, Şageldy Gurbandurdyýew şol wat altynjy orny eýeledi.

Häzirki wagtda 11-13 ýaşynda özleriniň uly ýaşdaky kärdeşleriň yzyndan ýuwaş-ýuwaşdan ýetip barýan ýaş oýunçylar hem aýratyn bellemelidiris. Bular Aly Ahmedow (11-nji ýer), Ahmet Artykow (16-njy ýer), Alihan Batyrow (17-nji ýer), Tahyr Iminow (18-nji ýer) we ýaryşyň ilkinji 20-ligine giren Rauf Ýusupow (20-nji ýer).

Türkmenistanyň erkekleriň arasyndaky çempionatynyň bitinji ligasy gurnamaga “ORIENT” media-ulgamy, “ALSAT” onlaýn-ulgamy, “Export Hyzmat” kompaniýasy, “Küşt Älemi” küşt akademiýasy we “Telekeçileri Goldamak Merkezi” atly telekeçilik goldaw merkezi goldaw berdi.

20250201_143851.jpg

Ýurduň güýçli küştçisiniň 12-niň gatnaşmagynda ýylyň esasy ýaryşy 9-njy fewraldan 20-nji fewral aralygynda geçiriler. Birinji liganyň üsti bilen ýokarda ady agzalan alty küştçiden başga-da, 2024-nji ýyldaky Ýokary liganyň ilkinji dört ornunyň eýeleri Allaýar Şirliýew (2172), Amanmuhammet Hommadow (2265), Wepaly Halynyýazow (2115), Azim Saryýew (2056); 2024-nji ýyldaky federasiýa kubogyny gazanan Ahmet Gubataýew (2192) we Küşt federasiýasynyň “waýld-kart”-yň (ýörite çakylyk) eýesi, öň birnäçe gezek milli ýygyndyda oýnan halkara derejeli ussat Karen Grigorýan (2268) dagylar Ýokary liga gatnaşarlar.

Birinji liganyň ýaryşy barada has giňişleýin maglumaty şu salgyda tapyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: TKF

Şeýle hem okaň: