Iň täze habarlar

Azerbaýjanda milli metbugatyň 150 ýyllygyna bagyşlap ýubileý medaly döretmegi meýilleşdirýärler

03.02.2025 | 15:00 |
 Azerbaýjanda milli metbugatyň 150 ýyllygyna bagyşlap ýubileý medaly döretmegi meýilleşdirýärler

Azerbaýjanda milli metbugatyň 150 ýyllygyna bagyşlap ýörite ýubileý medaly döretmegi meýilleşdirýärler.

“Report”-yň habar berişi ýaly, medal “Azerbaýjanyň Milli metbugatynyň 150 ýyllygy (1875-2025)” diýlip atlandyrylar.

Şu ýyl Azerbaýjan milli metbugatyň döredilmeginiň 150 ýyllygyny bellär. Azebaýjanyň “Ekinçi” atly ilkinji gazeti 1875-nji ýylyň 22-nji iýulynda öz döwrüniň magaryfçylyk hereketiniň meşhur wekilleriniň biri Gasan bek Zardabiniň ýolbaşçylygynda döredildi.

Hut “Ekinçi” gazeti Azerbaýjanda milli neşiriň esasyny goýdy. Munuň bilen baglylykda, Azerbaýjanda her ýylyň 22-nji iýuly Azerbaýjanyň milli metbugat güni hökmünde bellenilýär.

ORIENT News

Foto: report.az

Şeýle hem okaň: