Türkmen hünärmeni Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy bilen tanyşdy
05.02.2025 | 09:52 |Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekili Myrat Mälikow Norwiçiň dil bilimi institutynda (NILE) hünäri kämilleşdirmek boýunça maksatnamasyna gatnaşdy.
Okuw Angliýanyň Norwiç şäherinde geçirilip, Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyny çuňlaşdyryp öwrenmäge, mekdepleri we inklýuziwligi ösdürmegiň strategiki usullaryny dolandyrmaga gönükdirildi. Maksatnama Merkezi Aziýanyň 26 mugallymy gatnaşdy.
Gatnaşyjylar bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, mekdepleri goldamak we aýratyn bilim zerurlyklary bolan okuwçylara ýardam bermek boýunça interaktiw sapaklara gatnaşdylar, aýratyn bilim zerurlyklary bolan okuwçylaryň ýörite utgaşdyryjylarynyň işi (SENCO), “Bilim, saglygy goraýyş we gözegçilik etmek meýilnamasyna” esaslanan netijeli çemeleşmeler bilen tanyşdylar.
Türkmen hünärmeni Nottingem Trent Uniwersitetindäki “Iňlis dili we inklýuziwlik” atly taslamasyna hem gatnaşdy. Bu taslama mugallymlaryň okatmagyň inklýuziw usullary barada habarlylygyny, dürli okuwçylara goldaw bermek we iňlis dilli bilim ulgamynda deňligi ösdürmek işini öz içine alýar.
Myrat Mälikow inklýuziw synpy dolandyrmagyň usulyýeti boýunça okuwlara gatnaşdy, bu babatda iş alyp barýan hünärmenleriň umumy okuwlaryny diňledi. Şeýle-de ol Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň arasyndaky umumy maslahatlaşmalara gatnaşdy.
ORIENT news