Bolaşak bekedinde halkara geçiş nokady öz işine täzeden başlar
31.01.2025 | 06:00 |Almaty şäherinde “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýasy” HJ-iň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol ulaglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip “Rail-news.kz” habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän Bolaşak demir ýol bekedindäki bilelikdäki halkara geçelgesiniň işini dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Bu ädim otly alyş-çalyş işini çaltlaşdyrar we ýük daşamak üçin zerur gözden geçiriş wagtyny azaldar. Bu çäreler iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalarynyň mukdary 1,6 million tonna barabardyr boldy diýip, “Kazakstan temiržolşysy” gazetinde bellenilýär.
ORIENT